Sepleriň elýeterliligi

Sinszýanda etniki çaknyşyk boldy


Habar agentlikleri Hytaýyň Sinszýan regionynda penşenbe günki ýüz beren etniki çaknyşyklarda birnäçe adamyň ölendigini habar berýärler.

Maglumata görä, Hytaýyň bu uýgur regionyndaky Korla şäherinde bir wideo oýun oýnalýan merkezde ýerli uýgurlar bilen han hytaýlylaryň arasynda özara çaknyşyk ýüze çykypdyr.

Anna güni Korla şäheriniň bir polisiýa ofiseri bu çaknyşykda hakykatdanam ençeme adamyň ölendigini aýtdy, emma ölenleriň sany barada anyk maglumat bermedi. Hytaýyň döwlet mediasy bu bolan çaknyşyk barada hiç hili maglumat ýaýratmady.

Hytaýyň 21 million ilatly Sinszýan regionynyň ilatynyň 40 prosente golaýy etniki uýgurlar diýlip hasaplanylýar. Bu regionda ýerli hytaýlylar bilen uýgurlaryň arasyndaky etniki çaknyşyklar soňky wagtlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
XS
SM
MD
LG