Sepleriň elýeterliligi

HRW Jon Kerrä çagyryş etdi


Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerrini Özbegistandaky ynsan hukuklarynyň bozulmalary bilen baglanyşykly özbek resmilerine basyş görkezmeklige çagyrdy.

Duýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy penşenbe güni ýaýradan bu beýanatynda Jon Kerrini Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Komilow bilen duşuşygynda Özbegistandaky ynsan hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýlary barada açyk beýanat etmeklige çagyrýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Komilow bilen 12-nji martda Waşingtonda gepleşik geçirmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG