Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ol bagşylar halk duşmanymy?


Saz guralyndan çykýan notalary görkezýän şekil
Saz guralyndan çykýan notalary görkezýän şekil
Golaýda dünýä jemgyýetçiligi 20-nji asyryň iň ýowuz diktatory I.W. Staliniň aradan çykan gününi belledi. Onuň ýogalanyna 60 ýyl boldy. Ýarym asyrdan gowrak wagtyň geçmegine garamazdan, ol sene ýatdan çykmaýar.

Sebäbi Staliniň halka getiren pidalary örän agyr boldy. Hut onuň görkezmesi bilen millionlarça adam gyrlypdy ýa-da uzak möhletleýin türmelere atylypdy. Şol ýitgiler halkyň kalbynda şindizem öçmän dur. Biz şol pidalardan iki sanysyny ýatlamakçy bolýarys.

Şu günlerde türkmen halkynyň iň uly bagşylaryndan Nobat bagşynyň hem Hydyr bagşynyň aradan çykanlaryna 75 ýyl bolýar. Olaryň takyk ölen güni belli däl, ýöne türkmen ensiklopediýasynda olaryň 1938-nji ýylda ölendigi aýdylýar.

Ol bagşylardan birlän-ikilän ses ýazgylary galypdyr.

Aslynda Staliniň repressiýasyna duçar bolanlar 56-njy ýylda aklanypdy. Şondan bäri-de olaryň sesi radioda berilýär. Ýöne bu meseleler açyk öwrenilmedi. Ol bagşylardan miras galan sesleri arassalamak, eger bar bolsa başga seslerini-de tapmak ýaly işlere ýeterlik üns berilmedi.

Programmany diňlemek üçin aşaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG