Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: 'Abatlanan' jaýlaryň hupbatlary


Aşgabadyň uly köçeleriniň, esasanam, “protokol” diýlip atlandyrylýan köçeleriň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň daş keşbiniň abatlanmagy indi täzelik däl. Bu iş 2009-njy ýyldan bäri gidýär. Käbir jaýlarda abatlamak işleri edil häzirki günem dowam edýär.

Daş keşbini abatlamaklyk, şol ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryny “türk suwagy” diýlip atlandyrylýan usulda suwamak, şeýle-de agzalýan jaýlaryň penjirelerini alýumin we plastik penjireler bilen çalyşmak ýaly işleri öz içine alýar.

Ençeme ýyllap düýpli remont edilmedik bu jaýlaryň fasadlaryny diňe suwamak bilen çäklenmän, olaryň käbirleriniň maňlaý tarapynyň dürli-dürli dekoratiw bezegler bilen bezelýän halatlary hem bolýar. Işiň gowy tarapy, bularyň ählisini häkimlik maliýeleşdirýär.

Soňky kynçylyklar

Paýtagtyň ak mermer bilen örtülen jaýlaryndan tapawutlylykda her dürli reňkler bilen reňklenen bu ýaşaýyş jaýlaryň diwarlary gözüňi dokundyrýar. Emma problema jaýlaryň suwalyp, bezelip we olaryň penjireleri täzelenensoň başlanýar.

Edil Magtymguly prospektiniň ugrunda ýaşaýan Atamyradyň düşen ýagdaýyndaky ýaly. 58 ýaşyndaky Atamyrat aganyň jaýynyň daş keşbi geçen ýyl timarlanypdyr. Onuň özüniň goýan plastik penjiresini gök reňkli alýumin penjire bilen çalşypdyrlar. Emma Atamyrat aga ýaňadan remont etmeli bolupdyr.

“Olaryň goýan penjireleriniň hili pes ekeni. Özi-de, gowy hem goýmadylar. Şonuň üçin ussa çagyryp, täzeden penjiräni düzüw goýdurdym, birgiden çykdajym boldy” diýip, Atamyrat Azatlyk Radiosy bilen özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Kähalatlarda diňe penjire bilen çäklenilmän, abatlandyryş işinden soň, jaýyň eýeleriniň olary gaýtadan düýpli remont etmeli bolýan halatlary hem ýüze çykýar. 42 ýaşlaryndaky Ýazgeldi hem edil şeýle ýagdaýy başdan geçiren ýaşaýjylardan biri.

“Meniň kwartiramyň balkonyna tutuşlaýyn alýumin penjire goýuldy. Öň balkonyň penjirsine çenli kerpiç örülendi. Kerpiji söküp alýumin listlerini goýdular. Şondan soň balkonyň diwary yrgyldap durdy. Şonuň üçin abatlandyryş işleri tamamlanansoň, ýene-de kerpiç ördürmeli boldum” diýip, Ýazgeldi aýdýar.

Gadagançylyklar

Daş keşbi timarlanan ýaşaýyş jaýlarynyň daşky diwarlarynda split-sistemalaryny goýmaga ýa-da çanak antennallaryny asmaga hem köplenç halatda rugsat berilmeýär. Ylaýta-da, paýtagtyň “protokol” diýlip atlandyrylýan köçelerindäki ýaşaýyş jaýlarynda ýagdaý şeýle.

Ýaşaýjylar bu gadagançylykdan özboluşly çykalga tapyp, split-sistemalaryny jaýyň iç ýüzünde goýup, çanak antennalaryny bolsa ýaşaýyş jaýynyň howlusynda ýerleşdirýärler.

Emma bu olaryň öňden hem dar ýerlerini hasam daraldýar. Şeýle howlularda birnäçe çanak antennalary goýlan uzyn sütünleri hem görmek bolýar.

Split-sistemalary jaýyň iç ýüzünde goýulýar
Split-sistemalary jaýyň iç ýüzünde goýulýar
Käbir ýaşaýyş jaýlarynda split-sistemalary jaýyň basgançakly böleginde hem goýlupdyr. Aşgabatly Ýazgeldi hem şeýle jaýlaryň birinde ýaşaýar. Onuň aýtmagyna görä, şol split-sistemalar sebäpli, esasanam, tomsuna basgançaklardan geçilýän ýer gor ýaly yssy bolýar.

Kähalatlarda gurluşyk kompaniýalarynyň jaýlaryň daş-keşbini abatlandyrmak işiniň uzaga çekmegi hem ýaşaýjylary bimaza edýär. Atamyradyň ýaşaýan Magtymguly prospektiniň ugrundaky üç gatly ýaşaýyş jaýynda geçirilen abatlandyryş işi hem 6 aýda tamamlanypdyr.

Käbir ýaşaýjylar bolsa jaýlarynyň diwarlaryna çalnan reňkleriň ýagyn ýagsa, akyp başlaýandygyny aýdýarlar. Reňkiň akmagy bilen diwarlaryň ýüzünde goýlan dekoratiw bezegler hem gopýar. Onosň olary gaýtadan dikeltmeli bolýar.

Durky täzelenýän ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleriniň diňe köçä bakýan tarapynyň oňarylyp, arka taraplarynyň bolsa öňki ýagdaýynda galdyrylmagy bu işler göz üçin edilýär diýen pikiri hem döredýär.
XS
SM
MD
LG