Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabulda güýçli partlama amala aşyryldy


Owganystanyň polisiýasy amala aşyrylan partlamany öwrenýär. Kabul, 9-njy mart, 2013.

Owganystanyň polisiýasy amala aşyrylan partlamany öwrenýär. Kabul, 9-njy mart, 2013.

Owganystanyň resmileri şenbe güni Kabulda Goranmak ministrliginiň binasynyň daşynda janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan dokuz adamyň ölendigini aýdýarlar.

Bu waka ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgeliň Kabula sapary wagtynda amala aşyryldy. Ýöne resmiler bu partlamanyň Çak Heýgeliň golaýynda bolmandygyny mälim etdiler.

Maglumata görä, janyndan geçen hüjümçi Goranmak ministrliginiň binasynyň ýanyna welosipedli baryp, bu partlamany amala aşyrypdyr. Partlamanyň jogapkärçiligini Talyban topary öz üstüne aldy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgeliň (sagda) Kabulyň golaýyndaky harby baza gelip düşen pursady. Kabul, 8-nji mart, 2013.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgeliň (sagda) Kabulyň golaýyndaky harby baza gelip düşen pursady. Kabul, 8-nji mart, 2013.

Talybanlaryň sözçüsi Zabiullah Mujahid bu hüjümde Çak Heýgeli nyşana almak planlarynyň bolmandygyny, eýsem ýokary derejeli amerikan resmisiniň sapary wagtynda-da özleriniň Kabulda hüjüm amala aşyrmaga ukyplydyklaryny görkezmek isländiklerini aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Pentagonyň metbugat sekretary Jorj Littl bu partlamanyň amala aşyrylan wagty ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgeliň Kabulyň başga bir künjünde, koalision güýçlere degişli bir binada brifingde bolandygyny aýtdy. Bu partlama sebäpli brifingde hiç hiç hili bökdençlik bolmandyr.

Heýgel gepleşik geçirmekçi

Anna güni Owganystana sapara baran Çak Heýgel öz saparynyň barşynda prezident Hamid Karzaý bilen gepleşik geçirmekligi we Owganystandaky ýagdaýlar bilen ýakyndan tanyşmaklygy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Mundan daşary, ol amerikan ýörite güýçlerini bu ýurduň Wardak welaýatyndan çykarmak barada Owganystanyň prezidentiniň çykaran permany barada-da Hamid Karzaý bilen pikir alyşjakdygyny mälim etdi. Ýöne ol bu barada özüniň nähili teklipleri öňe sürjekdigi barada durup geçmedi.

Ýakynda prezident Hamid Karzaý Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň iki hepdäniň dowamynda Wardak welaýatyndan çykmalydyklary barada perman çykardy.

Karzaý munuň sebäbini ol ýerdäki amerikan güýçleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýerli harby toparlaryň ilata zulum-sütem edýändikleri bilen düşündirdi.

Häzirki wagt Owganystanda Birleşen Ştatlardan 66 müň töweregi esger, NATO-nyň beýleki ýurtlaryndan hem 30 müň töweregi esger gulluk alyp barýar. Bu harby güýçleriň köpüsi eýýäm şu ýyldan Owganystany terk edip başlarlar diýlip garaşylýar.

Owganystandaky daşary ýurt güýçleri 2014-nji ýylyň ahyryna çenli bu ýurdy doly terk etmekligi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG