Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Partlamada 9 adam öldi


Owganystanyň resmileri şenbe güni Kabulda, Goranmak ministrliginiň binasynyň daşynda janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan dokuz adamyň ölendigini habar berdiler.

Bu waka ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgeliň Kabula sapary wagtynda amala aşyryldy. Ýöne resmiler bu partlamanyň Çak Heýgeliň golaýynda bolmandygyny aýdýarlar. Bu hüjümiň jogapkärçiligini Talyban topary öz üstüne aldy.

Anna güni Owganystana sapara baran Çak Heýgel öz saparynyň barşynda prezident Hamid Karzaý bilen gepleşik geçirmekligi we Owganystandaky ýagdaýlar bilen ýakyndan tanyşmaklygy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Mundan daşary, ol amerikan ýörite güýçlerini bu ýurduň Wardak welaýatyndan çykarmak barada Owganystanyň prezidentiniň çykaran permany barada-da Hamid Karzaý bilen pikir alyşjakdygyny mälim etdi. Ýöne ol bu barada özüniň nähili teklipleri öňe sürjekdigi barada durup geçmedi.
XS
SM
MD
LG