Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşraf Hindistana sapar edýär


Şenbe güni Pakistanyň premýer-ministri Raja Perwez Aşraf özüniň bu wezipesinde ilkinji gezek Hindistana sapara bardy. Saparynyň başynda ol şenbe güni Hindistanyň günbataryndaky Jaýpur şäherine bardy.

Ol bu şäheriň golaýynda musulmanlar tarapyndan mukaddes diýlip hasaplanylýan Ajmer dini merkezine zyýarat edip, öz saparyny dowam etdirmegi planlaşdyrýar.

Jaýpur şäherinde Pakistanyň premýer-ministri Raja Perwez Aşraf Hindistanyň daşary işler ministri Salman Hurşid bilen günortanlyk naharynda boldy. Hindistanyň resmileri bu nahar başyndaky duşuşykda düýpli bir meseleleriň gozgalmandygyny aýdýarlar.

Şu ýylyň başynda Hindistanyň demirgazygyndaky dawaly Kaşmir regionynda bu iki ýurduň serhetçileriniň arasynda bolan atyşyklarda iki tarapdan jemi alty esger ölüpdi.
XS
SM
MD
LG