Sepleriň elýeterliligi

Müsürde 21 adam jezalandyryldy


Müsüriň sudy Port Said şäheriniň futbol stadionynda bolan adam öldürmelerinde ölüm jezasy berlen 21 adama garşy bu jezanyň şenbe güni ýerine ýetirilendigini mälim etdi.

Bu 21 adama ölüm jezasyny bermek baradaky höküm şu ýylyň ýanwarynda çykarylypdy. Şonda suduň bu hökümi ýurduň Port Said şäherinde köpçülikleýin bulagaýçylyklaryň gurnalmagyna getiripdi.

Şenbe güni Kair şäherinde geçirilen sud prosesinde sud geçen ýylky adam öldürmelerinde aýyplanylýan 52 adamdan bäşisini ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Beýleki aýyplanýanlara dürli möhletleýin türme tussaglygy berildi.

Geçen ýylyň fewralynda Port Said şäheriniň stadionynda ýerli “Al-Masri” komandasy bilen Kairiň “Al-Ahli” futbol komandasynyň oýnunyň yzýany futbol janköýerleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda jemi 74 adam ölüpdi.

Polisiýa şonda bu wakada ölenleriň aglabasynyň Kairiň futbol komandasynyň janköýerleridigini habar beripdi.
XS
SM
MD
LG