Sepleriň elýeterliligi

Keniýa: Täze prezident yglan edildi


Şenbe güni Keniýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy geçen duşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda premýer-ministriň orunbasary, uruş jenaýatçylygynda aýyplanylýan Uhuru Kenýattanyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Keniýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy onuň sesleriň 50.07 prosentine eýe bolandygyny aýdýar. Prezidentlik saýlawlarynda Uhuru Kenýattanyň esasy garşydaşy Keniýanyň häzirki premýer-ministri Raýla Odinga boldy. Ol sesleriň 43.31 prosentine eýe boldy.

Keniýada 2007-nji ýylda geçirilen ozalky prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen ýüze çykan tire-taýpa çaknyşyklarynda 1 müň 100-den gowrak adam ölüpdi.

BMG-niň Hagadaky Halkara sudy häzirki prezident saýlanan Uhuru Kenýattany şol 2007-nji ýyldaky gyrgynçylyklarda günäli hasaplap, ony ynsanýete garşy jenaýat etmekde aýyplaýar we onuň Haga suduna tabşyrylmagyna aýak diräp gelýär.
XS
SM
MD
LG