Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Lewinson barada beýanat etdi


Anna güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Federal derňew býurosynyň ozalky agenti, alty ýyl mundan ozal Eýranda dereksiz ýiten Robert Lewinsonyň aýaly we ogly bilen duşuşdy.

Jon Kerri özüniň hanym Lewinson bilen bu duşuşygy barada ýaýradan beýanatynda Birleşen Ştatlaryň henizem Robert Lewinsony gözläp tapmak we ony maşgalasyna sag-salamat gowşurmak ugrunda tagalla edýändigini nygtapdyr.

Bu beýanatda Lewinsony tapmak meselesinde Birleşen Ştatlara ýardam bermek barada Eýranyň hökümetine-de çagyryş edilýär.

Federal derňew býurosynyň ozalky agenti Robert Lewinson 2007-nji ýylyň martynda Eýranyň Pars aýlagyndaky Kiş adasyna baranda, ýitirim bolupdy.

Birleşen Ştatlar onuň diri tapylmagyna ýardam etjek maglumat üçin 1 million dollar pul sylagynyň beriljekdigini yglan etdi. Eýranyň häkimiýetleri Robert Lewinsonyň ykbaly barada özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG