Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyp gözelleri” belli boldy


Anna güni Halkara aýal-gyzlar gününe gabatlanyp, Aşgabatda “Talyp gözeli” atly milli konkursyň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu konkurs Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy tarapyndan yglan edilipdi.

Aşgabadyň “Watan” kino-konsert merkezinde gurnalan jemleýji bäsleşikde Türkmenistanyň dürli regionlaryndan bu konkursyň final tapgyryna çykan 20 gyz özara bäsleşdi.

Onda bu student gyzlar emin agzalarynyň we tomaşaçylaryň öňünde dürli başarnyklar boýunça bäsleşdiler. Olaryň başarnyklary tans etmek, aýdym aýtmak, goşgy okamak, tagam taýýarlamak, saçagy bezemek ýaly dürli ugurlar boýunça synag edildi.

Şu bäsleşikleriň netijesinde-de emin agzalary konkursyň in esasy Gran-pri baýragyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň studenti Jennet Emirowa bermekligi karar etdiler.

Ondan soň “Talyp gözeli” konkursynyň birinji baýragyna Türkmenistanyň Medeniýet institutynyň studenti Umida Hemraýewa, ikinji baýragyna Milli konserwatoriýanyň studenti Aýlar Gandymowa, üçünji baýragyna bolsa Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň studenti Dilber Halmyradowa mynasyp boldy.
XS
SM
MD
LG