Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: “Hemmeler ýowara!”


Şenbe güni, 9-njy martda Türkmenistanyň ähli regionlarynda bag ekmek bilen baglanyşykly umumymilli ýowar kampaniýasy geçirildi. Köpetdagyň etegindäki Çandybil etrabynda gurnalan ýowara Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen birlikde, prezident G.Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi mediasy şenbe güni ýurduň ähli künjeklerinde bu bag ekmek kampaniýasyna jemi 465 müň adamyň gatnaşandygyny habar berýär. Ýöne bu ýowara mekdep okuwçylarynyň gatnaşyp-gatnaşmandygy barada resmi maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, diňe şenbe günki ýowarda tutuş ýurt boýunça 755 müň töweregi pürli we ýaprakly agaçlaryň nahaly oturdylypdyr.

Ýurduň mediasy şenbe günki bu uly gerimli kampaniýany bahar paslyndaky bag ekişlik kampaniýasynyň başlangyjy hökmünde häsiýetlendirýär. Ýakynda geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow şu ýyl tutuş ýurt boýunça 3 million sany agaç nahalynyň oturdylmalydygy barada ýörite karar kabul edipdi.
XS
SM
MD
LG