Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň esgerleri zamunlykdan boşady


Birleşen Milletler Guramasy şenbe güni Siriýadaky söweşijileriň bu guramanyň parahatçylygy goraýjy esgerlerini zamunlykdan boşadandyklaryny tassyklady.

Bu maglumata görä, dört günläp siriýaly söweşijiler tarapyndan zamunlykda saklanan BMG-niň 21 esgeri şenbe güni Siriýanyň territoriýasyndan Iordanyň territoriýasyna geçipdir.

BMG-niň Siriýa boýunça araçyl wekiliniň Damaskdaky ofisine ýolbaşçylyk edýän Mohtar Lamani Iordanyň resmileriniň sözlerine salgylanmak bilen, bu esgerleriň Iordanyň serhetçileri tarapyndan kabul edilendigini tassyklady.

Geçen hepdäniň çarşenbe güni siriýaly söweşijiler Ysraýyl bilen Siriýanyň serhet ýakasyndaky Golan belentliginde parahatçylyk missiýasyny alyp barýan BMG-niň esgerlerinden 21-sini zamun alypdylar. Bu zamun alnan esgerleriň hemmesem filippin esgerleri.
XS
SM
MD
LG