Sepleriň elýeterliligi

Karzaý: “Talyban ABŞ bilen gepleşýär”


Ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Kabulda eden çykyşynda bu ýurtdaky Talyban toparlarynyň amerikan we beýleki daşary ýurt resmileri bilen yzygiderli gepleşik alyp barýandyklaryny aýtdy.

Ol şeýle gepleşikleriň Pars aýlagy ýurtlarynda we Ýewropa ýurtlarynda geçirilýändigini öňe sürdi.

“Düýn partlama boldy we ol Talybanyň adyndan amala aşyryldy. Şeýle wakalar hakykatda talybanlaryň daşary ýurtlularyň bähbidine garşy däl-de, eýsem olaryň bähbidine hyzmat edýändiklerini görkezýär. Bu partlamalar talybanlaryň daşary ýurt güýçleriniň Owganystandan çykmagyny däl-de, eýsem bärde uzak wagtlap galmagyny isleýändiklerini görkezýär” diýip, prezident Karzaý nygtady.

Hamid Karzaýyň bu eden çykyşyna häzirlikçe Birleşen Ştatlar we beýleki Günbatar ýurtlary hiç hili reaksiýa bildirmediler. Owganystanda saparda ýören ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgel ýekşenbe güni Karzaý bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG