Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada protest çykyşlary gurnaldy


Ýekşenbe güni Ýaponiýanyň birnäçe şäherinde iki ýyl mundan ozal ýüz beren sunami we Fukusimo ýadro heläkçiliginiň ýyl dönümine gabatlanyp, protest demonstrasiýalary gurnaldy.

2011-nji ýylyň 11-nji martynda Ýaponiýanyň kenar ýakasyna golaý ýerde ýüz beren ýer yranmasy uly sunaminiň ýüze çykmagyna getiripdi.

Şol ýer yranmanyň we sunaminiň netijesinde-de Fukusimo atom elektrik stansiýasyna uly zyýan ýetip, daşky sreda howply radiasiýa ýaýrady.

Şol ýadro heläkçiliginiň yzy bilen Ýaponiýanyň hökümeti bu ýurtdaky 50 sany atom reaktoryny öçürdi.

Ýekşenbe güni paýtagt Tokioda bu heläkçiligiň ýyl dönümine gabatlap protest demonstrasiýasyna çykan on müňlerçe adam ýurduň häkimiýetlerini ýadro energiýasyndan ýüz öwürmeklige çagyryp, çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG