Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaý reformalary planlaşdyrýar


Hytaýyň paýtagty Pekinde geçýän Milli Halk Gurultaýynda ýekşenbe güni ýurduň ministrlikleriniň we beýleki býurokratik hökümet edaralarynyň kadrlaryny azaltmak hem-de olarda işi täzeçe gurnamak boýunça täze planlar yglan edildi.

Bu gurultaýda korrupsiýa bilen baglanyşykly tankyt edilip gelinýän Demirýol ministrliginiň işini ýatyryp, onuň jogapkärçiliklerini hökümetiň käbir beýleki edaralaryna geçirmeklik karar edildi.

Maşgalany planlaşdyryş komiteti hem bu gurultaýda Saglyk ministrliginiň düzümine geçirildi.

Hytaýdaky azyk harytlary we dermanlar bilen baglanyşykly ýüze çykan köpsanly dawaly wakalaryň netijesinde gurultaýda bu pudaklara edilýän gözegçilikleri güýçlendirmek barada-da anyk kararlar kabul edildi.

17-nji martda tamamlanmaly bu Milli Halk Gurultaýynyň dowamynda Hytaýyň täze döwlet liderleri, şol sanda Ksi Ýinpin hem prezidentlik wezipesine resmi ýagdaýda tassyklanar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG