Sepleriň elýeterliligi

Bakudaky protestler dargadyldy


Ýekşenbe güni Bakuda gurnalan demonstrasiýada Azerbaýjanyň polisiýasy protestçileri dargatmak üçin rezin oklary, göz ýaşardyjy gazlary we suw çüwdürimlerini ulandy.

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy bu demonstrasiýanyň ýurduň goşun bölümlerinde ýaş esgerleriň ölmegi bilen baglanyşykly wakalara protest bildirmek maksady bilen gurnalandygyny habar berýär.

Maglumata görä, ýekşenbe güni ýüzlerçe protestçi Baku şäheriniň merkezindäki fontanlar meýdançasyna ýygnanypdyr. Protestçileriň arasynda öz ogullary goşun gullugynda ölen ene-atalaryň-da bolandygy aýdylýar.

Maglumata görä, resmi taýdan rugsat berilmedik bu demonstrasiýany polisiýa güýçleri güýç bilen dargadypdyrlar. Wakada onlarça protestçiniň tussag astyna alnandygy-da habar berilýär.
XS
SM
MD
LG