Sepleriň elýeterliligi

Karzaý: “Talybanlar ABŞ bilen gepleşik alyp barýar”


Prezident Hamid Karzaý Kabulda Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli gurnalan maslahatda çykyş edýär. Kabul, 10-njy mart, 2013.

Prezident Hamid Karzaý Kabulda Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli gurnalan maslahatda çykyş edýär. Kabul, 10-njy mart, 2013.

Ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Kabulda eden çykyşynda Talyban toparlarynyň wekilleriniň ABŞ-nyň hökümeti bilen “gündelik” gepleşik alyp barýandygyny öňe sürdi.

Hamid Karzaý talybanlaryň Birleşen Ştatlar bilen öz gepleşiklerini kesendikleri barada geçen ýylky peýda bolan maglumatlara-da garamazdan, gepleşikleriň Pars aýlagy ýurtlarynda we Ýewropa ýurtlarynda geçirilip gelinýändigini aýtdy.

Ol hepdäniň şenbe güni talybanlaryň Kabulda, Owganystanyň Goranmak ministrliginiň binasynyň golaýynda we Host welaýatyndaky polisiýanyň bir barlag punktunyň ýanynda partlama amala aşyrmak arkaly, daşary ýurt güýçleriniň bu ýurtda galmagyna zerurlyk bardygyny görkezmek isleýändiklerini görkezýändigini belledi.

Şenbe güni Owganystanda amala aşyrylan bu iki partlamada jemi 19 adam ölüpdi. Talybanlar bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstlerine alyp beýanat ýaýratdylar.

“Düýn partlama boldy we ol Talybanyň adyndan amala aşyryldy. Şeýle wakalar hakykat ýüzünde talybanlaryň daşary ýurtlularyň bähbidine garşy däl-de, eýsem olaryň bähbidine hyzmat edýändiklerini görkezýär. Bu partlamalar talybanlaryň daşary ýurt güýçleriniň Owganystandan çykmagyny däl-de, eýsem Owganystanda uzak wagtlap galmagyny isleýändiklerini görkezýär” diýip, prezident Karzaý nygtady.

ABŞ reaksiýa bildirmedi

Hamid Karzaýyň bu eden çykyşyna häzirlikçe Birleşen Ştatlar we beýleki Günbatar ýurtlary hiç hili reaksiýa bildirmediler.

Waşington owgan hökümeti bilen talybanlaryň özara gepleşik geçirmekleri we syýasy barlyşyk prosesini ýola goýmaklary ugrunda tagalla edip gelýändigini aýdýar. Emma ol şu çaka çenli talybanlar bilen özüniň göni gepleşikler geçirýändigini tassyklaýjy hiç hili beýanat etmedi.

Talybanlaryň sözçüsi Zabiullah Mujahid hem Birleşen Ştatlar bilen nähilidir bir gepleşikleriň gaýtadan ýola goýlandygyny inkär etdi we ozalky gepleşikleriň ýatyrlaly bäri bu ugurda nähilidir bir öňegidişligiň bolmandygyny aýtdy.

Hamid Karzaýyň şu beýanat bilen çykyş eden güni onuň Owganystanda saparda ýören ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgel bilen bile Kabulda metbugat konferensiýasynda çykyş etmegine-de garaşylýardy

Ýöne ýekşenbe güni howpsuzlyk ýagdaýy sebäpli bu metbugat konferensiýasynyň ýatyrylandygy yglan edildi.

Öz adynyň tutulmagyny islemedik amerikan resmileri howpsuzlyk baradaky bu aladalaryň anyk näme bilen baglanyşyklydygy barada jemgyýetçilige maglumat bermäge ygtyýarly däldiklerini aýtmak bilen, bu barada anyk maglumat bermekden saklandylar.

Ýöne olar Hamid Karzaý bilen Çak Heýgeliň şahsy ýagdaýda özara duşuşmaklygy planlaşdyrýandyklaryny mälim etdiler. Pentagonyň metbugat sekretary Jorj Little hem Kabuldaky metbugat konferensiýasynyň ýatyrylmagynyň Hamid Karzaýyň eden beýanaty bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG