Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň generaly Karzaýyň belliklerini ret etdi


ABŞ-nyň Owganystandaky ýokary derejeli generaly Jozef Dunford çykyş edip, prezident Hamid Karzaýyň Waşingtonyň “Talybanyň” hüjümlerinden bähbit görýändigi baradaky beýanatyny ret etdi.

Karzaý 19 adamyň ölümine sebäp bolan bomba partlamasyndan iki gün soň çykyş edip, beýle hüjümleriň üsti bilen Waşington ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystanda gerekdigini görkezjek bolýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Karzaý Waşington bilen “Talybanyň” Katarda “gündelik gepleşikleri” geçirýändigini hem sözüne goşdy.

Owgan prezidenti bu barada ýekşenbe güni, ABŞ-nyň täze bellenen goranmak ministri Çak Hageliň Kabula eden ilkinji saparynyň dowamynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG