Sepleriň elýeterliligi

TYP-yň ýerli lideri tutuldy


Moskwanyň polisiýasy gadagan edilen Türküstanyň Yslam partiýasy (TYP) toparynyň başlygy bolmakda gümän edilýän adamyň tussag edilendigini aýdýar.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi özbek raýaty Abdulkhofiz Kholmurodowyň 1-nji martda tussag edilendigini we toparyň ýerli şahamçasyna ýolbaşçylyk etmekde aýyplanýandygyny aýtdy.

Ministrligiň berýän maglumatyna görä, Kholmurodow we onuň ýaranlary daşary ýurtlardaky harby lagerlerde türgenleşik geçmek üçin ýerli musulmanlary ýygnapdyrlar.

Kholmurodowa Özbegistanda terrorizm, ekstremizm we hökümeti agdyrmak synanşygy baradaky aýyplamalaryň ýöňkelýändigi aýdylýar.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi Kholmurodowyň Daşkende ekstradisiýa edilmek meselesine soň serediljekdigini aýtdy.

Türküstanyň Yslam partiýasy, şeýle-de Özbegistanyň Yslam hereketi ady bilen tanalýan bu toparyň “Talybanlar” we “Al-Kaýda” bilen ilteşiginiň bardygy çaklanylýar.

Bu toparyň ýolbaşçylary özleriniň maksatlarynyň Merkezi Aziýada Yslam halyfatyny döretmekden ybaratdygyny mälim edipdiler.
XS
SM
MD
LG