Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 'Içki hüjüm' boldy


Owganystanyň gündogarynda “içki hüjüme” çalym edýän bir wakada, halkara we owgan güýçleriniň hataryndan birnäçe esger öldürildi.

Owganystandaky Halkara güýçleriniň wekiliniň duşenbe güni aýtmagyna görä, owgan harbylarynyň eşigine geýnen hüjümçiler “owgan güýçlerini we halkara koalisiýasynyň wekillerini ýaragdan atyp, her tarapdan hem ençeme adamy öldüripdirler”.

Wardak welaýatynyň polisiýa resmisi bu wakanyň Jalrez etabynda bolandygyny aýtdy. Welaýatyň polisiýa resmisi Abdul Razak Koraişi hüjümde üç owgan ofiseriniň öldürilendigini maglumat berýär.
XS
SM
MD
LG