Sepleriň elýeterliligi

Jalal-Abatda protestler geçýär


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalal-Abad şäherinde müňe golaý adam protest geçirip, tussag edilen üç deputatyň tizden-tiz boşadylmagyny talap etdiler.

Demonstrantlar duşenbe güni welaýat häkimliginiň binasynyň öňünde ýygnandylar. Olar Ata-Jurt partiýasynyň ýolbaşçylary azat edilýänçä, protest geçirjekdiklerini mälim etdiler.

Kamçybek Taşiýew, Sadyr Japarow we Talant Mamytow geçen ýylky halk tolgunşyklaryny öjükdirmekde aýyplanýarlar. Olaryň sud diňlenşigi 10-njy ýanwarda başlandy.

2012-nji ýylyň oktýabrynda müň töweregi demonstrant paýtagt Bişkega ýygnanyp, Kumtor altyn gorunyň millileşdirilmegini talap edipdiler.
XS
SM
MD
LG