Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir günde 755 müň bag ekildi


Geçen hepdäniň şenbe güni, eýýäm adata öwrülen, ýurt boýunça ählumumy bag ekiş ýowary geçirildi. Bu ýowara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Resmi habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, şol gün ýurt boýunça 755 müňe golaý nahal ekilipdir.

“Gök guşak” diýip atlandyrylýan kampaniýanyň çäginde her ýyl geçirilýän bu çäre paýtagtyň töwereklerinde tokaý zolagynyň giňelmegine ýardam eder diýen resmi garaýyşdan ugur alýar. Şeýle kampaniýa indi 1999-njy ýyldan bäri dowam etdirilýär.

Uly ýollaryň käbirleriniň gyrasynda ugurdaş ekilen baglaryň we gür tokaýlygyň döräp başlandygyny göreniňde, bu tagallanyň oňyn netijesine göz ýetirse bolýar. Emma köpçüligiň gözünden sowa ýerlerde ekilen baglaryň ýagdaýy barada guwanyp gürrüň edere esas az.

Gurap galýan agaçlar

Sebabi olaryň arasynda gurap galan agaçlar diýseň köp. Şeýle agaçlara, esasanam eger uly ýollardan uzaklaşsaň, has köp duşmak bolýar. Mysal üçin, Birinji maý obasynyň golaýyndaky baýyrlyklarda ekilen arçalaryň gurany az däl. Paýtagtyň tanaply ýolunyň töwereklerinde hem guran agaçlar bar. Şol agaçlaryň guramagynyň sebäbi bolsa ekilýän baglara idegiň ýetmezliginden görülýär.

“Ekilýän baglaryň idegini, esasan, şol baglary ekýän edara-kärhanalardyr, guramalar alyp barýarlar. Özleriniň gös-göni bagly bolmadyk işleri bilen meşgullanýan edara-kärhanalar köplenç halatda bu işiň hötdesinden gelip bilmeýärler” diýip, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň kärhanasynyň özüni Sapar diýip tanadan bir işgäri aýdýar.

Saparyň işleýän awtoulag kärhanasynyň bag ekilen 40 gektar ýeri bar. Bu ýerlere kärhanada başga wezipede sanawa alnan bagbanlar seredýärler. “Aslyýetinde olaryň hiç haýsysy hem hakyky bagban däl. Bagbançylykdan başy çykmaýan adamlar” diýip, Sapar gürrüň berýär.

Baglary suwarmak kynçylygy

Saparyň aýtmagyna görä, ekilýän baglary suwarmak hem aňsat däl. Soňky wagtlar ekilýän baglar damjalaýyn usul bilen suwarylyp başlandy. Esasanam, ýoluň ugrunda ekilýän baglar şu usul bilen suwarylýar. Ýöne damjalaýyn suwaryş usuly her bir edara elýeterli däl. Şonuň üçin ulag bilen suw daşap suwarylýan ýerler entek köp.

“Biziň edaramyzyň hem tokaý zolagynyň takmynan 20 gektary suwmaşyn bilen suw eltilip suwarylýar. Ýöne bu usulyň netijeliligi pes. Suwy bag suwaryljak ýere eltmegiň kyn bolýan ýerlerem bar. Mysal üçin, tanaply ýolyň ýanyndaky uçastoga suwmaşyn zordan ýokaryk galýar.” diýip, Sapar aýdýar.

Saparyň gürrüň berýän ýagdaýy tokaý zolaklary bolan beýleki käbir döwlet edara-kärhanalarydyr, guramalaryna hem mahsus. Käbir edara-kärhanalarda bolsa öz tokaý zolaklarynyň idegi üçin işgärlerden pul hem ýygnalýar.

Bag üçin salgyt

Aşgabadyň keselhanalarynyň biriniň lukmany Röwşen her aýlykdan 20 manadyny edaralarynyň tokaý zolagynyň idegi üçin goşmaly bolýar. “Aýlygymyzdan tutulýan bu pul resmileşdirilmeýär. Ýöne resmi suratda her aýlygymyzdan abadanlaşdyrmak maksady üçin diýip, salgyt görnüşinde-de pul alýarlar. Bu pullaryň nirä gidýändigini bilemzok” diýip, 34 ýaşlaryndaky Röwşen aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, abadanlaşdyrmak maksady üçin salgyt telekeçilerden hem alynýar. Salgyt gullugynyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäriniň aýtmagyna görä, bu salgytdan gelýän pullar esasan bag ekmek üçin sarp edilmeli.

1999-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň prezidentiniň Karary bilen “ Gök guşak ” paýdarlar jemgyýeti döredildi. Şondan soň, ýurtda her ýyl millionlarça agaç nahallary oturdylýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň 2006-njy ýylyň 29-njy maýyndaky Kararyna laýyklykda diňe 2007-2009-njy ýyllarda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Änew we Gökdepe şäherleriniň aralygynda her ýylda baglaryň dürli görnüşleriniň 3 million düýbüni ekmek tabşyryldy.
XS
SM
MD
LG