Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Magnitskiý bilen bagly sanksiýalary girizmäge hyýallanýar


Sergeý Magnitskiniň suraty
Sergeý Magnitskiniň suraty

Ýurist Sergeý Magnitskiniň ölümine gatnaşygy bolan orsýet resmilerine garşy girizilen amerikan sanksiýlary bu prosesiň diňe başlangyjy bolana meňzeýär. Şeýle sanksiýalaryň Ýewropadaky tarapdarlary häzir öz tagallalaryny güýçlendirýärler.

Sergeý Magnitskiý bilen bagly wakanyň daşyndaky göreş Ýewropa-da geçdi.

2012-nji ýylda amerikan Kongressi aktiwistler tarapyndan üç ýyllap öňe sürlen kanuny kabul etdi. Amerikan kanuny suddan öň tussaglykda ýogalan moskwaly aklawçy Sergeý Magnitskiniň suda çekilmegine gatnaşygy bolan orsýet resmilerine garşy çäreleri göz öňünde tutýar.

Magnitskiniň ölümi Orsýetiň adalat sistemasyndaky kemçilikleriň üstüni açypdy.

Amerikan kanuny ynsan hukukaryny depeleýän orsýet resmileriniň bank hasaplaryny doňdurmak we olara wiza bermezlik ýaly çäreleri gşz öňünde tutýar. Indi bu kanun Ýewropa Bileleşiginde-de şeýle çärelere garalmagyna itergi berdi.

Munuň daşyndaky tagallalar barha güçlenýär.

Ýewropa Parlamentiniň Estoniýadan bolan wekili Kristina Oýuland şeýle diýdi: “Orsýetliler özlerini Ýewropanyň bir bölegi, ýagny yewropaly hasap edýärler. Şonuň üçin Ýewropanyň Magnitskiniň işine, şeýle-de Ýewropa Bilelelşigine orsýetden gelýän bikanun pullar meselesine reaksiýa bildirmegi ýagdaýa laýyk gelýär”.

Sanksiýalaryň täsiri

Ýewropada orsýet resmileriniň bank hasalarynyň doňdurylmagy we olaryň özleriniň bolsa wizadan mahrum edilmegi, amerikan sanksiýalaryna garanda has täsirli bolup biler.

Kristina Oýulandyň bellemegine görä, orsýet resmileri dynç alşyny Ýewropada geçirmegi gowy görýärler, Ýewropanyň dukanlarynda söwda etmegi halaýarlar we öz çagalaryny köplenç Ýewropada okadýarlar.

Olaryň öz pullaryny-da köplenç Ýewropanyň banklarynda saklaýandykary çak edilýär.

Magnitskiniň işi

Sergeý Manitskiý 2008-nji ýylda tussag edilipdi. Ol ýurist hökmünde geçiren barlaglary arkaly hökümet edaralary tarapyndan döwlet gaznasyndan 230 million dollar möçberde puluň ogurlanandygyny paş edipdi.

Magnitski tussaglykda medisina kömeginden mahrum edilipdir. 2009-njy ýylda ýogalan Magnistkiý ölüminden öň urlup-ýenjilipdir. Magnitskiniň yzarlanmagyna gatnaşygy bolan ýokary derejeli resmileriň birnäçesi şol döwürden bäri resmi sylaglary aldylar.

Orsýet Magnitskini salgytdan boýun gaçyrmakda aýyplapdy we onuň ölüminden soňam ony sud edýär. 11-nji marta bellenen sud diňlenişigi yza tesdirildi we 22-nji marta geçirildi.

Päsgelçilikler

Orsýet resmileriniň bank hasaplaryny doňdurmak we olara wiza bermezlik barada edilen teklip Yewropa Parlamenti tarapyndan biragyzdan makullanypdy, emma gadagançylyklaryň sanksiýa görnüşinde güýje girmegi üçin bu Ýewropa Bileleşiginiň 27 ýurdy tarapyndan tassyklanmaly.

Bu sanksiýalaryň Ýewropada makullanmagynyň öňünde käbir päsgelçilikler bar, Ýewropa gaz importynyň üçden bir bölegini Orsýetden satyn alýar.

Hususan-da, Ýewropa 2011-nji ýylda Orsýetden 198 milliard dollarlyk haryt satyn alypdyr.

Orsýetiň Yewropanyň sanksiýalaryna jogap hökmünde çäre görmeginden howatyrlanmalar hem bar. Ýakynda Orsýet amerikan sanksiýalaryna jogap edip, amerikanlaryň Orsýetden çagalary ogullyk, gyzlyk almagyna gadagançylyk girizdi.
XS
SM
MD
LG