Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky türkmen gyzlarynyň geýimleri


Owganystandaky türkmen gyzy
Owganystandaky türkmen gyzy
Mundan sanlyja ýyl ozal owganystanly ýaş türkmen gyzlar özleriniň türkmen milli donlary, ýanly köýnekleri, gupbalary, jygalary bilen bu ýurtdaky beýleki milletlerden saýlanan bolsalar, häzirki wagtda olar köpçüligiň arasyna, beýleki owganystanly gyzlar ýaly, ýaglykly, uzyn gara ýapynjaly çykýarlar, onsoň olaryň diňe gözleri görünýär.

Emma olar köçelerde ýapynjaly gezseler-de, märekede, toý-dabaralarda bezemenligi şaý-sepleri, saç bejerimleri, köwüşleri, aýratyn-da döwrüň talabyna laýyk köýnekleri bilen göze ilýärler.

Owganystanyň Şybyrgan şäherinde ýaşaýan Beşir mundan sanlyja ýyl ozal türkmen gyz-gelinleriniň lybaslarynyň giň, uzyn we bir görnüşde tikilen köýnekler bolandygyny aýdyp, häzir ýagdaýyň gün saýyn üýtgäp barýandygyny gürrüň berýär.

Owganystandaky türkmen gyzy
Owganystandaky türkmen gyzy
"Üç-dört ýyl mundan ozal biziň gelin-gyzlarymyzyň geýýän köýnekleri ullakandy, dogry tikinde tikilýärdi. [Gyz-gelinler] uzyn, giň köýnekleri geýýärdiler. Olar gaty giňdi. Olarda owadan dizaýn ýokdy. Göni tikinleri bardy, göni geýýärdiler. Ony hem şol wagt [gyzlar] şeýle geýmeseler, üýtgetjek bolsalar, aýyp bilýärdiler. Pylanynyň gyzy [köýnegini] şeýle bir üýtgedipdir diýip, şony aýyp biljek bolýardylar. Häzirki döwürde biziň gelin-gyzlarymyzyň köýnekleri owadan, nepis, inçe tikilýär. [Köýnegiň] tikinleriniň, dizaýnlarynyň tapawutlary bar. Ondan başga-da, iň möhüm tapawutlardan biri mundan ozal [gyzlaryň köýnekleri] giňdi, häzir bolsa daralypdyr" diýip, Beşir gürrüň berdi.

Beşir gyz-gelinleriň lybaslarynyň häzirki wagtda has nepis, inçe tikinler bilen döwrebap görnüşde tikilýändigini we munuň hem olaryň görküne görk goşýandygyny aýdýar.

Sebäp

Köp adamlar gyz-gelinleriň lybaslarynyň özgermeginiň sebäbini döwrüň üýtgemegi, türkmenleriň daşary ýurtlara has köp sapar edip başlamagy, ykdysadyýetiň ösmegi we telewizorda görkezilýän programmalaryň täsiri diýip hasaplaýarlar.

Bu pikiri öňe sürýänlerden birem Mazary-Şerifiň ýaşaýjysy, 19 ýaşly Keýik, ol bu barada şeýle gürrüň berdi: "Häzirki wagtda Tolo, Ariana, Aýna diýen telewizion kanallar döredildi. Gelin-gyzlar [telewizorlarda] owadan, dar tikilen köýnekler görünse, şolardan görelde aldylar. Şu wagt Owganystanda köp adamlar daşary ýurda gidip gelen, ykdysadyýet hem öňe gidensoň, ýagdaý özgerdi. Telewideniýe boýunça seriallara tomaşa edip, gyz-gelinler şolardan öwrenýärler".

Owganystandaky aýallar
Owganystandaky aýallar
Häzirki wagtda gyz-gelinleriň egin-eşiklerinde döwrebap özgerişlikler bolsa-da, Keýik her halkyň özüne mahsus däp-dessurlarynyň bardygyny, özüniň hem şol däp-dessurlary saklamaklygyň tarapdarygyny aýdýar: "Her kimiň özüniň däp-dessury bar. Şol däp-dessury hem saklamak gerek. Geýseň bolýar [döwrebap köýnekleri], ýagşy hem diýýän, ýöne şonda-da däp-dessurlary saklamak gerek. Maňa görä, mundan üç-dört ýyl öň geýilýän köýnekler has gowurak. Häzirki [köýneklerem], bularam ýagşy. Ýöne, meniň göwnüme bolmasa, mundan üç-dört ýyl ozalky köýnekler has gowurak ýaly".

Keýigiň gürrüňini edýän köýnekleri mundan üç-dört ýyl ozala çenli geýilýän türkmen ýakaly uzyn we giň köýnekler bolup, olar esasan hem ýanly biçüwde tikilendi. Häzirki wagtda şol köýnekleriň ýerini dar, dyzyna ýetip duran gysga ýa-da uzyn, egni ýa-da arkasy açyk gönüşde bolan, toý dabaralary üçin niýetlenen lybaslar, şeýle-de gündelik durmuşda ýapynjanyň aşagyndan geýilýän döwrebap jinsi balaklar, koftalar, çyplaň köýnekler we maýkalar aldy.

Keýik mundan üç-dört ýyl ozal geýilýän türkmen biçüwli köýnekleri her niçik halaýan hem bolsa, häzirki wagtda dünýä modasyna laýyk gelýän döwrebap köýnekler owganystanly ýaş türkmen gyzlarynyň arasynda has islegli.

Ýaşulylar nägile

Beýle lybaslaryň ýuwaş-ýuwaşdan owganystanly ýaş türkmen gyzlarynyň durmuşyna ornaşmagy bolsa Owganystanda ýaşaýan käbir türkmen ýaşulularynyň arasynda nägilelikleri döredýär.

Kabulda ýaşaýan 58 ýaşly Merdan aganyň aýtmagyna görä, “gyz-gelinler ýaşaýan ýerine we jemgyýetine görä geýinmeli. Ol “öz ata-babadan galan däp-dessurlarymyzy ýitirmeli däl” diýýär.

“Elbetde, türkmen halkynyň ata-babadan, enelerimizden, mamalarymyzdan galan ýollary bar, şol geýimler hem ýatdan çykmasa [gowy]. Şeýle-de, biziň ýaşaýan ýerimizde başga kişiler nähili ýaşaýar we başga kişiler bize nähili garaýar, biz şony bilmeli. Hem-de biziň şol geýmimiz biziň şol ýaşaýan ýerimize mynasyp bolsa [gowy]" diýip, 58 ýaşly Merdan aga öz pikirini mälim edýär.

2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystana girmegi bilen owganystanly ýaş türkmen gyzlarynyň egin-eşiginde, okuwynda, işinde, durmuşynda öňegidişlikler boldy.

Emma halkara güýçleriniň 2014-nji ýylda Owganystany terk etmek baradaky planlary, diňe bir döwrebap egin-eşik geýip başlan türkmen gyz-gelinlerini däl, eýse aýal-gyzlaryň hak-hukuklary bilen gyzyklanýan gatlagy-da alada goýýar.
XS
SM
MD
LG