Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-ly general Karzaýyň belliklerini inkär etdi


General Jozef Dunford
General Jozef Dunford
Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ýokary derejeli generaly owgan prezidenti Hamid Karzaýyň Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler ”Talybanlaryň” hüjümlerinden peýdalanýar diýen beýanatyny ret etdi.

General Jozef Dunford halkara güýçleriniň "geçen 12 ýyllykda" dökülen gany "zorluk we durnuksyzlyk" olaryň bähbidine diýip güman ederden köp diýdi.

Karzaý ”Talybanlaryň” 19 adamyň ölümine sebäp bolan bombaly hüjümlerinden bir gün soň sözlän sözünde "bu hüjümler Waşingtonyň amerikan güýçleri gerek diýip, owganlary ynandyrmagyna goltgy bolýar" diýipdi.

"Düýn partlama boldy. Ol ”Talybanlaryň' adyndan amala aşyryldy. Bu işler 'Talybanlaryň' çet ýurtlulara garşy däl-de, eýsem olara gulluk edýändigini görkezýär. Bu bombalar 'Talybanlaryň' çet ýurtlularyň Owganystandan çykmagyny däl-de, eýsem olaryň bu ýerde köpräk galmagyny isleýändigini görkezýär" diýip, Karzaý sözlän sözünde aýtdy.

Planlaşdyrylyşyna görä, çet ýurtly güýçleriň ählisi diýen ýaly 2014-nji ýylyň aýagyna çenli Owganystany terk etmeli.

Karzaý: "Öz esgerlerini Owganystanda saklap galmagy umyt edýän daşarky güýçleriň ählisi owgan hökümeti tarapyndan girizilen düzgünlere wepaly galmaly bolar" diýdi.

Gepleşikler

Karzaý şeýle hem Waşington bilen "Talyban" toparynyň Katarda "gündelik esasda" gepleşik giçirýändiklerini aýtdy. Ýöne özleriniň bir ýyl mundan ozal togtan gepleşiklerine gaýtadan başlandyklaryny hem Waşington, hem-de "Talyban" inkär edýär.

"Talybanlaryň" Owganystandaky sözçüsi Zabihullah Mujahid gepleşikler togtaly bäri hiç bir öňegidişligiň bolmandygyny bildirdi.

Owgan prezidenti Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky güýçleri we olar bilen işleşýän owganlary uniwersitet studentlerine myjabat atyp, olary tutýanlykda aýyplady. Ol özüniň daşary ýurt güýçleriniň owgan uniwersitetlerine girmegini gadagan edýän perman çykarjakdygyny bilidirdi.

Karzaýyň beýanaty ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň täze goranmak ministri Çak Heýgeliň Kabula eden ilkinji sapary wagty ile ýetirildi.

Karzaý bilen Heýgeliň bilelikde geçirilmeli metbugat ýygnagy ýatyryldy. Amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, muňa "howpsuzlyk aladalary" sebäp bolupdyr.

Ondan soňra geçen bir metbugat ýygnagynda Heýgel prezident Karzaýyň aýdanlary barada onuň bilen gürleşendigini aýtdy: "Biz ol beýanat barada pikir alyşdyk. Men prezidente Birleşen Ştatlaryň 'Talybanlar' bilen birtaraplaýyn işleşip, olar bilen gürlşemäge synanyşýandygynyň hakykata laýyk däldigini aýtdym. Fakt şu – her bir parahatçylyk perspektiwasyna ýa syýasy çözgüde ýolbaşçylyk etmeli – owganlaryň özi".

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministriniň Owganystana sapary Karzaýyň Amerikanyň ýörite güýçlerine Wardak welaýatyny terk etmekleri üçin beren möhletiniň tamamlanan gününe gabat geldi.

Karzaý bu güýçleri bu welaýatda adamlaryň gynalmagyna we öldürilmegine gözegçilik edenlikde aýyplady.

Amerikan güýçleri bolsa özleriniň bu regionda beýle işlerde elleriniň ýokdugyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG