Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rimde täze pop saýlanýar


Kardinallar sişenbe güni Rim Katolik ybadathanasynyň 266-njy popuny saýlamak üçin gizlin ses bermäge başladylar.

48 ýurtdan toplanan 115 kardinal günüň ikinji ýarymynda ses bermek üçin Sikstin zalyna girdi.

Italiýaly Angelo Skola we briziliýaly Odilo Şerer ýeňiş üçin zerur bolan 77 sesi alyp biljek güýçli kandidatlar hasaplanýar.

Kardinallaryň ses berip atan býulletenleri jemgyýetçilige ses berişligiň gidişini görkezmek üçin ýakylar.

Sikstin zalynyň tüsseçykaryndan ak tüsse görünse, bu ýeňijiniň belli bolandygyny aňladýar. Eger gara tüsse çyksa, bu ýeňijiniň kesgitlenmändigini aňladýar.

Ses berişlik birnäçe gün dowam eder. Bu saýlaw pop Benedikt iş başyndan çekilenden bir aý soň geçirilýär.
XS
SM
MD
LG