Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO-nyň bäş esgeri öldi


NATO günorta Owganystanda bolan dikuçar heläkçiliginde bäş esgeriniň wepat bolandygyny aýdýar.

NATO-nyň beýanatynda bu hadysanyň sebäpleriniň derňelýändigi habar berilýär.

Deslapky barlaglar duşenbe güni bolan hadysa "duşman dahyllygynyň" bolmandygyny görkezdi.

Bu waka iki sany amerikan esgeriniň we bäş owgan polisiniň içki hüžüm diýilýän netijesinde, owgan harbysynyň eşigini geýen adam tarapyndan öldürilen gününe gabat geldi.

ABŞ-nyň täze goranmak sekretary Çak Heýgel duşenbe güni özüniň Kabula eden ilkinji saparyndan yzyna dolandy.
XS
SM
MD
LG