Sepleriň elýeterliligi

BMG: Şertnama güýjünde galýar


BMG Demirgazyk Koreýanyň 1953-nji ýylda Koreýa urşuny soňlan şertnamany birtaraply ýatyryp bilmeýändigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň hökümeti özüniň 60 ýyllyk şertnamadan çykýandygy barada gaýta-gaýta atan haýbaty hakynda formal beýanat etmedi.

Emma bu ýurduň esasy gazeti bolan "Rodong Sinmun" duşenbe güni Phenýanyň bu şertnamany güýçsüz hasaplaýandygyny ýazdy.

Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýanyň planlaşdyran harby okuwlary geçirilse, özüniň herekete geçjekdigini aýtdy.

Bu diýilýän harby okuw duşenbe güni başlandy, şol gün Phenýan Gyzyl Haç guramasynyň demirgazyk we günorta koreýalar tarapyndan umumy gepleşik üçin ulanylýan gyssagly aragatnaşyk liniýasyny ýapdy.

Koreýa ýarym adasyndaky dartgynlylyk Phenýan 12-nji fewralda üçünji ýadro synagyny geçireli bäri ýokarlanýar. Bu synag geçen hepde BMG-niň täze sanksiýalaryna sebäp boldy.

Seul bu ýagdaýa öz goşunlaryny ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirmek bilen jogap berdi.
XS
SM
MD
LG