Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýork: Içgi gadaganlygy ýatyryldy


Nýu-Ýork şäher sudýasy ullakan gapdaky süýžüli içgilere girizilmekçi bolnan gadagançylygy kanunyň güýje girmezinden bir gün öň ýatyrmaly etdi.

Manhattandaky sud bu kanun düzgüniniň "eden-etdilikli we ynjyk" bolandygyny aýtdy.

Bu karar şäher häkimi Maýkl Blumberg üçin urgy boldy. Ol bu kanuny özüniň semizlik "epidemiýasy" atlandyran problemasynyň çözgüdi hökmünde wagyz edýärdi.

Emma içgi öndürijiler we biznes toparlary täze kanunyň sarp edijileriň şahsy azatlygyna ters gelýändigini aýdyp, oňa garşy çykýardylar.

Bu kanun şäheriň azyk hyzmaty boýunça işleýän kärhanalarynda ýarym litrden uly gapdaky süýjüli içgileri satmagy gadagan edýärdi.
XS
SM
MD
LG