Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internetiň duşmanlary belli boldy


Serhetsiz reportýorlar guramasy Hytaýy, Eýrany, Siriýany, Bahreýni we Wetnamy internet senzurasynda we içalyçylygynda iň erbet ýurtlar hökmünde häsiýetlendirdi.

Serhetsiz reportýorlaryň sişenbe güni çap eden hasabatynda başga pikirliligi basyp ýatyrýan ýurtlara internet gözegçiligi gurallarynyň aňsat elýeterli edilmeli däldigini aýdýar.

"Internetiň duşmanlary" diýlip atlandyrylan hasabat repressiw režimlere kömek edýän bäş sany kompaniýanyň hem adyny agzaýar.

Şeýle-de hasabatda Hytaýyň iň uly digital imperiýany işledip, daşary ýurt internet saýtlaryny elekden geçirýändigi aýdylýar.

Eýran izolýasiýadaky internet sistemasyny döretmekde tankytlanýar. Emma Tähran bu tankyda özüniň ýadro kärhanalaryny kiber hüjümlerinden gorajak bolýandygyny aýdyp jogap berýär.

Orsýet “zyýanly” saýtlary kiçi ýaşlylary goramak bahanasy bilen gara sanawa girizmekde tankytlanýar.
XS
SM
MD
LG