Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nikaragua, Orsýet neşe halkasyny üzdi


Orsýet bilen Nikaragua Ýewropany kokain bilen üpjün edýän neşe söwdagärleriniň halkasyny üzdi.

Nikaraguanyň polisiýa komissary öz güýçleriniň, ors häkimiýetleriniň kömegi bilen, neşe halkasynyň 26 agzasyny tussag edendiklerini aýdýar.

Komissar tutulan adamlaryň nikaragualy biznesmen Henri Farinas bilen ilteşiklidigini aýtdy.

Farinas geçen ýyl neşe söwdasy we pul ýumakdaky günäsi üçin 30 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Meksikan raýaty, neşe gaçakçylarynyň lideri hasaplanýan Martin Flores hem martyň başynda tutulanlaryň biri boldy.

Orsýet bilen Nikaragua geçen ýyl neşe gaçakçylygyna garşy bilelikde göreşmek, bir-birege tehniki kömek, tälim we maglumat bermek baradaky hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.
XS
SM
MD
LG