Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazojakda 'özbek' simkartalary gadagan edildi


Gazojakda ulanylan simkartalar
Gazojakda ulanylan simkartalar
Lebap welaýatynyň Gazojak şäherçesiniň ýaşaýjysy Wepa ençeme gezek goňşy Özbegistana gidip gelen türkmenistanlylardan biri. Onuň goňşy ýurda gatnap durmagynyň sebäpleriniň biri - serhediň aňyrsynda garyndaşlarynyň känligi we öýlenjek gyzynyň hem şol ýerde ýaşaýanlygy bilen bagly.

Şu sebäpden ol diňe Özbegistana baryp gelmek bilen çäklenmän, serhediň aňyrsyndaky garyndaşlary bilen telefon arkaly yzygiderli aragatnaşyk hem saklamaly bolýar. Ýöne telefon aragatnaşygy soňky birnäçe aýyň dowamynda has kynlaşdy.

Näme üçin?

Sebäbi Wepa ýaly türkmenistanlylar öň Gazojakda Özbegistanyň mobil aragatnaşyk ulgamlary arkaly serhediň aňyrsyndaky garyndaşlary bilen arkaýyn gürleşip bilýän bolsalar, soňky iki aýlykda bu hyzmatlar ýapyldy. Sebäbi simkartalaryň satuwy we ulanylmagy gadagan edildi.

Gazojakda simkarta satýan bir dükän
Gazojakda simkarta satýan bir dükän
Özbek simkartalarynyň ýapylmagy diňe Wepany däl, onuň ýaly serhediň beýleki tarapynda garyndaşlary bolan ençeme gazojaklylary hem alada goýýar. Serhediň aňyrsynda garyndaşlary bolan gazojaklylar bolsa diýseň köp.

2000-nji ýyllaryň başlarynda serhediň çekilmegi ýakyn arany uzaklaşdyrdy we gatnaşyk kynlaşdy. Soňra, aradan kän wagt geçmänkä, mobil, ýagny el telefonlar peýda bolup başlady. Serhediň aňyrsyndaky garyndaşlarynyň ýüzüni görmeselerem, sesini eşidip, hal-ahwal soraşmaga mümkinçilik döredi.

Gazojagyň iki ýurduň serhedine golaý bolany üçin Özbegistanyň mobil ulgamynyň tolkunlary bu ýerlere arkaýyn ýetýär. Onsoň Gazojagyň ýaşaýjylary, goňşy döwletiň simkartlaryndan peýdalanyp, ýaňy-ýakyna çenli-de aňsatlyk bilen özaragatnaşygy dowam etdirip geldiler.

Bazarlarda "Beeline uz", "Mts uz", "Uzcell" ýaly Özbegistanyň mobil operatorlarynyň simkartalary, balanskartalary arkaýyn satylýardy. Olaryň bahalaram elýeterli bolup, Türkmenistanyňky bilen deňeşdirilende, hyzmatlarynyň hili hem ýokarydy.

Gadagançylyk

Emma soňky iki aýlykda bu hyzmatlar ýapyldy, onuň ýapylmagynyň sebäpleri barada henize çenli hiç hili düşündiriş hem berilmedi. Häzir Gazojakda polisiýa işgärleri köçelerde islendik adamy saklap, telefonyny görkezmekligi talap edýärler.

Halk arasynda ýaýran gürrüňe görä, eger telefonlaryndaky simkarta özbek mobil aragatnaşyk ulgamyna degişli bolsa, onda telefonyň eýesine 3000 manat töweregi jerime salynýar. Toý salonlaryň birinde suratçy bolup işleýän, gazojakly, 20 ýaşlaryndaky Hojam hem polisýa işgärleri tarapyndan sorag edilenlerden biri.

Hojam bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Meniň işleýän salonyma bir gün polisiýa işgärleri geldiler. Olaryň biri polisiýa eşigindedi, biri bolsa raýat eşigindedi. Olaryň biri surat çykartmana köp gelýär. Soň maňa özbek simkartalaryny ulanmagyň gadagan edilendigini aýtdy. Eger ulanýan adamy görseň, bize habar ber, puljagazyňam al – diýdi-de, soň kän eglemän çykyp gitdi. Şok boldum, [sebäbi ony] özümem ulanýan”.

“Eýse, gadagançylyk çäreleri nämä gerek?” diýilmegi mümkin. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan gazojaklylarda bu soraga jogap ýok, ne-de bu barada resmi düşündiriş berilýär. Emma Özbegistandaky operatorlaryň hyzmatlaryna ýykgyn edilmeginiň sebäpleri welin belli.

Sebäpler

“Eger Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk ulgamlary goňşy ýurtlaryňky bilen bäsleşip bilýän bolsa, ösen hem bahasy elýeter bolsa, ulanyjylaryň hiç birem Özbegistanyň mobil aragatnaşyk hyzmatyndan peýdalanmazdy” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik bir gazojakly janykýar.

Özbegistanyň "Beeline" mobil aragatnaşyk hyzmatyndan daşary ýurtlara minudyna 0.30$-dan jaň edip bolýan bolsa, Türkmenistanyň ”Altyn asyr” ýa “Mts” ýaly operatorlaryndan daşary ýurtlara jaň etmekligiň iň arzan nyrhy minudyna 1.20$.

Özbek mobil aragatnaşyk ulgamlary boýunça internetiň tizligi-de Türkmenistanyňkydan has ýokary we olar öz müşderilerine günde-günaşa dürli amatly tarifleri-de hödürleýärler.

Özbegistanyň mobil aragatnaşyk ulgamlarynyň simkartlarynyň gadagan edilmegi barada resmi taýdan hiç hili düşündiriş bolmansoň, bu barada halk arasynda dürli çaklamalar bar. Olardan birem, özbek simkartalaryndan Türkmenistanda petiklenen internet saýtlaryna arkaýyn girip bolýanlygyndandyr diýen pikir.

Garaz, bu we beýleki çaklamalaryň näderejede dogrudygy barada anyk bir zat aýtmak kyn, emma Wepa ýaly käbir gazojaklylar welin, özlerini aragatnaşygyň arzan hem gowy görnüşleriniň ýene birinden mahrum edilen diýip hasaplaýarlar. Öňüne böwet basylan bu hyzmatlaryň gaýtadan haçan açyljagy, asla geljekde gaýdyp açylyp-açylmajagy-da häzirlikçe näbelli.

XS
SM
MD
LG