Sepleriň elýeterliligi

Polisiýa ogurlanan Rembrandty tapdy


Serb polisiýasy Rembrandtyň ýedi ýyl mundan öň ogurlanan kartinasyny tapmagy başardy.

Ýerli telewideniýe bu kartinanyň ogurlygy bilen ilteşikli dört adamyň tussag edilendigini habar berdi.

"Rembrandtyň kakasynyň portreti" diýlip atlandyrylan kartina 1630-njy ýyla degişli.

Bu kartina 2006-njy ýylda Nowyý Sad şäherindäki muzeýden ogurlanypdy.

Şonda iki sany ýaragly adam sakçyny ýüp bilen daňyp, dört kartinany ogurlap gidipdi.
XS
SM
MD
LG