Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watikanda täze Rim Papasy saýlanylýar


Kardinallar Kollejiniň ýolbaşçysy kardinal Angelo Sodano dini ybadaty berjaý edýär, Watikan, 12-nji mart, 2013.
Kardinallar Kollejiniň ýolbaşçysy kardinal Angelo Sodano dini ybadaty berjaý edýär, Watikan, 12-nji mart, 2013.
Sişenbe güni Watikanyň kardinallary Sikstin Kapellasynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda jemlenip, täze Rim Papasyny saýlamak boýunça ýörite dabara üýşmekden ozal dini ybadaty berjaý etdiler.

Rim papasynyň saýlanmagyna jogapkär Kardinallar Kollejiniň ýolbaşçysy kardinal Angelo Sodano Rim Katolik ybadathanasynyň çäginde bütewilige çagyrdy.

Sişenbe güni öýlän 48 ýurtdan bolan 115 kardinal gizlin ses berişlikde Rim Katolik ybadathanasynyň 266-njy papasyny saýlarlar.

Bu çäre bir aý mundan ozal Rim Papasy Benedikt bir milliarddan gowrak dinçileri geň galdyryp, wezipesinden çekilensoň geçirilýär. Benedikt soňky 600 ýylyň dowamynda öz wezipesinden meýletin çekilen ilkinji Rim Papasydyr.

Kardinallaryň ses berişliginiň geçişi barada olaryň oda oklan býulletenleriniň tüssesi habar bermeli. Däbe görä, ak tüsse täze Rim Papasynyň saýlanandygyny, gara tüsse bolsa gutarnykly karara gelinmändigini aňladýar.

Ses berişlik, adatça, birnäçe güne çekýär.

Dalaşgärler

Italiýaly Angelo Skola we braziliýaly Odilo Şerer zerur bolan 77 sese eýe bolup bijek kandidatlar hasaplanýar.

63 ýaşly Odilo Şerer dünýäniň katolik dinçileriniň 42%-niň ýaşaýan ýeri bolan Latyn Amerikasyndan bu wezipä dalaşgär esasy kandidatdyr.

Şerer 1 300 ýyllyk döwrüň dowamynda ýewropaly bolmadyk ilkinji Rim Papasy bolup biler. Şeýle-de onuň Rim ybadathanasyna baştutanlyk etjek ilkinji günorta amerikaly bolmagy ähtimal.

Şerer konserwatiw hasaplanýan hem bolsa, täze tehnologiýalary, şol sanda Twitteri ulanmakdan ýüz öwürmeýär. Ol, hususan-da, täze tehnologiýalaryň medeni gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagyna ýetiren täsirini belleýär.

Şerer ýakynda beren interwýusynda täze Papanyň saýlanmagynda geografiýanyň täsirli faktor bolmaly däldigini aýtdy.

Şerer Kuria, diýip atlandyrylýan Watikan býurokratiýasy tarapyndan goldanýana meňzeýär. Şol bir wagtda-da italiýaly Angelo Skolanyň Kuriýanyň täsirini gowşatmak isleýän kardinallar tarapyndan goldanýandygy habar berilýär.

Analitikleriň aýtmagyna görä, ses berişligiň uzaga çekmegi garaşylmadyk netijelere getirer.

Şeýle ýagdaý beýleki kandidatlaryň, ýagny kanadaly Mark Ouelletiň, ABŞ-ly kardinallar Sean O’Malleýiň we Leonardo Sandriniň şanslaryny ýokarlandyryp biler.

Täze Rim Papasy birnäçe problemalar, şol sanda seksual jenjeller we agzalaryň sanynyň azalmagy ýaly meseleler bilen ýübe-ýüz bolar.
XS
SM
MD
LG