Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan çagalaryň meselesine garaýar


Pakistanyň parlamenti çagalara fiziki taýdan sütem edilmegini gadagan edýän kanunyň taslamasyny oňlap ses berdi.

Parlamentiň sişenbe güni biragyzdan kabul eden bu kanunynda çagalara fiziki taýdan sütem eden raýatlara bir ýyl türme tussaglygyny bermek ýa-da 50 müň rupi (507 dollar) jerime salmak çäresi göz öňünde tutulýar.

Çagalara fiziki taýdan sütem edilmegi bilen baglanyşykly mesele soňky wagtlar Pakistanyň telewideniýesinde gyzgalaňly ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň birine öwrüldi.

Muňa ýakynda ýurduň Pundjab we Sindh prowinsiýalarynyň parlamentlerinde kabul edilen rezolýusiýalar has-da itergi berdi.

Çagalara fiziki temmi berilmegini gadagan edýän täze kanunyň resmi taýdan güýje girmegi üçin indi ony Senat tassyklamaly we ondan soň oňa ýurduň prezidenti gol goýmaly.
XS
SM
MD
LG