Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we täjik liderleri gürleşdi


Sişenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirdi.

Bu telefon gürrüňdeşliginde iki ýurduň prezidentleri Türkmenistan bilen Täjigistanyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalary barada özara pikir alyşdylar.

Gürrüňdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Emomali Rahmonyň goňşy Owganystana ýardam bermek we käbir beýleki möhüm regional meseleler barada-da gürrüň edendikleri habar berilýär.

Maglumata görä, Berdimuhamedow Täjigistan bilen Türkmenistanyň demirýol ulgamyny Owganystanyň territoriýasynda birleşdirmek barada täjik tarapynyň öňe süren inisiatiwasyny doly goldaýandygyny mälim edipdir.
XS
SM
MD
LG