Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda agyz suwunyň ýetmezçiligi duýulýar


Aşgabatda täze gurlan ýaşaýyş jaý, Türkmenistan, 17-nji ýanwar, 2013.

Aşgabatda täze gurlan ýaşaýyş jaý, Türkmenistan, 17-nji ýanwar, 2013.

Paýtagt Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Kakadurdy köpgatly ýaşaýyş jaýynyň 8-nji gatynda ýaşaýar. Onuň jaýy umumy nasos arkaly suw bilen üpjün edilýär. Gije sagat 23-00-dan soň jaýda suw düýbünden kesilýär.

Bu ýagdaý Parahat 2/1 mikroraýonynyň ýaşaýjylary üçin indi ep-esli wagtdan bäri täzelik däl.

Paýtagtyň suw üpjünçiligi

Agyz suwy diňe Parahat mikroraýonynyň meselesi däl, paýtagt Aşgabadyň beýleki käbir etraplarynda hem ýagdaý şeýle. Bu problema, esasanam, paýtagtyň Howdan, Parahat, 30-njy mikroraýonlaryndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda ýiti duýulýar. Ýagdaýdan çykalga hökmünde bu raýonlaryň ýaşaýjylarynyň köpüsi suw nasoslaryny ulanmaly bolýarlar. Käbir ýerlerde bolsa jaýda hemmä deňlik umumy nasos goýulýar.

Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynyň ýaşaýjysy Arslan we onuň goňşulary hem suw nasoslaryny goýmaly bolan raýatlardan. Arslan birnäçe ýyl bäri krantdan akýan suwuň basyşynyň pesdigini, şonuň üçin gijelerine nasos işletmeseň, asla suwuň akmaýandygyny aýdýar.

Agyz suwy diňe bir köpgatly ýaşaýyş jaýlardan ybarat raýonlarda däl, eýse “planowoý” diýip atlandyrylýan bir gatly hususy ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan ”Hitrowka” raýonynda hem kadaly akanok. Onsoň ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi suw nasoslaryny ulanmaga mejbur bolýarlar. Bu hem nasos ulanmaýanlar üçin özboluşly problema döredýär.

“Mende nasos ýok. Ýöne, goňşularym nasos goýdular. Şonuň üçin, olar nasoslaryny işledenlerinde, öňem çala akýan suwuň doly kesilýän halatlary bolýar” diýip, paýtagtyň ”Hitrowka” diýip atlandyrylýan raýonynyň Sewernyý köçesiniň ýaşaýjysy, 32 ýaşlaryndaky Yklym aýdýar.

Suw çeşmesi

Agyz suwunyň ýetmezçiligi paýtagtyň golaýyndaky käbir obalarda hem bar. Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Çüli obasynda eýýäm üç ýyl bäri kadaly agyz suw üpjünçiligi ýok. Ýogsa, bu obanyň içinden Altyýap çeşmesi hem akýar.
Çüliniň Altyýap çeşmesi

Çüliniň Altyýap çeşmesi


“Biz suwy ýörite suw daşaýan ulag bilen getirtmeli bolýarys. Üç ýyl mundan ozal öýlere suw geçirýän turbalary geçirip berdiler. Şondan soň bu turbalardan suwam akdyrylyp başlandy. Emma soň ýene-de kesildi.” diýip, bu obanyň ýaşulusy Annameret aga aýdýar. Bu obanyň ýaşaýjylarynyň ýerli häkimiýetlere bu mesele boýunça ýüz tutmalary netijesiz galypdyr.

Şol bir wagtda agyz suwunyň ýetmezçiligi bilen birlikde onuň hiliniň hem pesligindenem halk arasynda dürli nägilelikler bar. Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylaryň ählisi diýen ýaly suw geçirýän munisipal turbalardan goýberilýän agyz suwunyň içmek üçin o diýen ýaramly däldigini belleýärler.

Munuň şeýledigini lukmanlar hem tassyklaýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, ýagdaýyny tapsaň, şol suwy içmeli däl. Içiläýen halatynda hem ilki bilen gaýnadyp içmeli.

“Wodoprowoddan akdyrylýan agyz suwy ençeme keselleriň döremegine getirip bilýär. Häzirki wagtda ýurtda sary getirme keseliniň köpelmeginiň bir sebäbi hem suwdan” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik aşgabatly lukman aýtdy.

Krantdan akdyrylýan suwuň hiliniň pesligi zerarly köplenç halatda plastik gaplardaky agyz suwy satyn alynýar. Çagalar baglarynda we mekdeplerde bolsa ýörite gaplarda gaýnadylan suw goýulýar. Beýle problemalar dowam edýärkä, hökümet soňky döwürlerde munuň öňüni almaga niýetlenen käbir çäreleri hem görüp başlady.
Olardan birem ýakynda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ýörite maksatnamanyň kabul edilmegidir.

Resmi çäre

Ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçilik meselesi soňky gezek 1-nji martda geçen hökümet maslahatynda gozgaldy. Ýurt baştutany öz orunbasarlaryna ýüzlenip, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň bellenen möhletde durmuşa geçirilmegini talap etdi.

Emma ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek boýunça meseläniň hökümet maslahatlarynda gozgalýandygyna garamazdan, bu mesele Parahat mikrorýonynyň ýaşaýjysy Kakadurdy, 30-njy mikroraýonynyň ýaşaýjysy Arslan ýaly raýatlar üçin gündelik hupbat bolup galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG