Sepleriň elýeterliligi

Dünýä Söwda Merkezi harabalykdan dikelýär


2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda weýran bolan Dünýä söwda merkeziniň ýerine gurulan “Azatlyk binasy”, Nýu-Ýork, 11-nji mart, 2013.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda weýran bolan Dünýä söwda merkeziniň ýerine gurulan “Azatlyk binasy”, Nýu-Ýork, 11-nji mart, 2013.

Ekiz binalaryň partladylan güni Nýu-Ýork şheriniň meri Rudi Juliani olary gaýtadan dikeltmegi wada beripdi. Şonda Juliani 2001-nji ýylyň 11-njy sentýabrynda edilen terrorçylykly hüjümlerden soň ýurduň bu wakadan soňra “syýasy hem ykdysady taýdan has güýçlenip aýaga galjakdygyny” aýdypdy.

Şondan on ýyldan gowrak wagt geçensoň, indi Dünýä Söwda Merkeziniň ýerinde gurlan “Azatlyk binasy” taýýar bolup barýar. Ägirt uly bina beýleki kaşaň binalardan has beýik görünýär. Ol gurlup gutarylansoň, ýer şarynyň Günbatar böleginde iň beýik bina bolmaly.

“Azatlyk binasynyň” dizaýny iki müňden gowrak proýektden saýlanyp alnypdy. Onuň häzirki görnüşi Nýu-Ýork şäheriniň 11-nji sentýabryň terrorçylykly hüjümlerinden aýňalmaga ukyply bolandygyny görkezýär.

Gurluşyk baradaky pikirler

Nýu-Ýorkuň Bruklin raýonynyň başlangyç mekdepleriniň birinde sekretar bolup işleýän 30 ýaşly Rena Gregori üçin Dünýä Söwda Merkeziniň dikeldilmegi Nýu Ýorkuň ýaşaýjylarynyň güýç-kuwwatyny alamatlandyrýar.

Nýu-Ýorka syýahata baran 28 ýaşly tehasly Rene Harrera gurluşygyň özüne çylşyrymly täsir ýetirendigini aýdýar. Ol binanyň dikeldilmeginiň hem aýylganç, hem-de ajaýyp täsir döredýändigini belledi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen “Azatlyk binasynyň” golaýynda ýerleşýän metjitde söhbetdeş bolan 56 ýaşly musulman Habir John MakGeehan täze gurulýan bina garanda Dünýä Söwda Merkeziniň ýerinde döredilen ýadygärlik muzeýiniň özi üçin has täsirli bolup görünýändigini belledi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, 2001-nji ýylda terrorçylykly hüjümlerde partladylan Dünýä Söwda Merkeziniň dikeldilmegi barada öz pikirini mälim edenleriň ýene biri, Nýu-Ýorkuň Bronks raýonyndan 27 ýaşly bank işgäri Jon bolsa “Azatlyk binasynyň” gurulmagyny “pul bilen bagly syýasat” hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG