Sepleriň elýeterliligi

Çempionlar ligasynda möhüm oýunlar boldy


Futbol boýunça Ýewropanyň Çempionlar ligasynda çykyş edýän Türkiýäniň “Galatasaraý” komandasy bilen Ispaniýanyň “Barselona” komandasy sişenbe güni bu ligadaky bäsleşigiň indiki tapgyryna çykdylar.

Sişenbe günki oýunda “Galatasaraý” Germaniýada ýerli “Şalke” komandasyny 3:2 hasap bilen utdy. Şeýlelikde, geçirilen iki oýnuň jemi boýunça “Galatasaraý” Germaniýanyň “Şalke” komandasyndan 4:3 hasap bilen üstün çykdy.

Sişenbe güni Italiýanyň “Milan” komandasyny 0:4 hasap bilen utan “Barselona” hem iki oýnuň jemi boýunça 4:2 hasap bilen “Milandan” üstün çykdy we ýaryşy dowam etdirmeklige hukuk gazandy.
XS
SM
MD
LG