Sepleriň elýeterliligi

KIP türk raýatlaryny boşatdy


Çarşenbe güni Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadoly” habar agentligi ekstremistik Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň indi iki ýyl bäri zamunlykda saklap gelen türk raýatlaryny azatlyga goýberendigini habar berdi.

Türkiýäniň bu sekiz raýaty bu guramanyň söweşijileri tarapyndan Yragyň demirgazygynda zamunlykda saklanypdy.

Zamunlykda saklanan bu türk raýatlaryndan altysynyň harby esgrlerdigi, ýene biriniň polisiýa işgäridigi we beýleki biriniň bolsa ýerli hökümet işgäridigi aýdylýar.

Olaryň zamunlykdan boşadylmagy bu Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň tussaglykdaky lideri Abdulla Öjalanyň ýakynda bu barada eden çagyryşynyň yzýany ýüz berdi. Türkiýäniň hökümeti Kürdüstan Işçiler Partiýasyny terror guramasy diýip hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG