Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde protest çäresi geçirildi


Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň “Ata-Žurt” partiýasynyň tarapdarlarynyň ýüzlerçesi paýtagt Bişkekde bu partiýanyň üç sany lideriniň tussaglykdan boşadylmagyny talap edip, demonstrasiýa geçirdi.

Bu partiýanyň liderlerinden üçüsi geçen ýylyň oktýabrynda jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň köpçülikleýin bozulmagyna meçew berenlikde aýyplanyp, tussag edilipdiler.

Şol wakada “Ata-Žurt” partiýasynyň müňe golaý tarapdary Bişkekde gyrgyz parlamentiniň binasyna güýç bilen girmäge synanyşypdy.

Çarşenbe günki protest demonstrasiýasyny gurnan “Gyrgyzystany halas et” atly oppozision hereketiň lideri Mukar Çolponbaýew “Ata-Žurt” partiýasynyň liderleriniň tussaglykdan boşadylmagyna çagyryş edip, aktiwistler tarapyndan ýörite ýüzlenmäniň kabul edilendigini we onuň hökümete gönderlendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG