Sepleriň elýeterliligi

Eýran internet senzurasyny güýçlendirýär


Internet kafeleriň ulanyjylary, Eýran.

Internet kafeleriň ulanyjylary, Eýran.

Eýran internet senzurasyndan sypyp geçmek üçin ýurtda köpçülikleýin ulanylýan serişdäni baglamak bilen özüniň internete gözegçiligini güýçlendirýär.

Häkimiýetler öten hepde hususy wirtual ulgamlaryň köpüsini baglamaga başladylar. Döwlet senzurasyndan sypyp geçmek üçin ýurtda bu serişdeden internet ulanyjylaryň, çak edilişine görä, takmynan 30 prosenti peýdalanýar.

Komminikasiýa serişdeleri bozuldy

Aýdylyşyna görä, "Skype" we "Viber" ýaly mugt telefon gepleşikleri, şeýle hem "WhatsApp" ýaly mugt tekst gatnaşyklary üçin ulanylýan komminikasiýa serişdeleri hem bozulypdyr.

Ilki raýat žurnalistleri tarapyndan ile ýaýradylan bu habary 10-njy martda parlamentiň Informasiýa we kommunikasiýa tehnologiýasy baradaky komitetiniň başlygy Ramazanaly Sobhany-Fard tassyklady.

Wirtual hususy ulgamlar ýurduň daşyndaky ulgamlar arkaly millionlarça eýranla interneti elýeterli edýär. Onsoň olar Eýranda ahlaga ters ýa ýurduň milli howpsuzlygyna zyýanly diýip, ýapylan saýtlara girip bilýärler.

"Şu günler 'Facebook' saýtyna girip bilýänler özlerini Ýuriý Gagarin ýaly gahryman saýýarlar" diýip, bir satiriki "Facebook" sahypasynda ýerleşdirilen degişmede aýdylýar.

Interneti öwrenýän waşingtonly garaşsyz ylmy barlagçy Kollin Anderson: "Giňden ulanylýan senzura garşy serişdeleriň nyşana alynmagy režimiň eýranlylaryň näme görüp, näme diýýänine kontrollygy artdyrýandygynyň alamty" diýýär.

Onuň bellemegine görä, režim Eýranyň kynçylyk içindäki ykdysadyýetine zyýan ýetirmezlik üçin belli hususy wirtual ulgamlary saýlap tutýar. Bu ulgamlary ulanýanlar diňe senzuradan gaçmak isleýän adamlar däl, olary söwdagärler, media we ylmy barlagçylar-da giňden ulanýarlar.

"Meniň pikirimçe, olar halkara söwdasy tarapyndan ulanylýan hususy wirtual ulgamlary beýlekilerden tapawutlandyrmak isleýärler. Onsoň bu ulgamlar ýapylmaly bolanda, diňe senzuradan gaçýanlary ýapyp bolýar. Olar her gezek interneti baglanlarynda ykdysady zyýan köp bolmaz ýaly, olary biri-birinden tapawutlandyrjak bolýarlar" diýip, Anderson aýdýar.

"Hasaba alnan" wirtual ulgamlar

Häkimiýetler adamlara "kanuny, hasaba alnan" hususy wirtual ulgamlary satyn almagy maslahat berýärler. Ýöne "Serhetsiz Raportýorlar" guramasy: "Beýle edilse, bu häkimiýetleriň adamlaryň internet işlerini aňtama başarnygyny artdyrar" diýýär.

Eýran internet senzurasyny syýasy taýdan jedelli wagtda artdyrýar. 14-nji iýunda ýurtda prezidentlik saýlawlary geçýär. Bu Mahmud Ahmedinejadyň jedelli ýagdaýda täzeden saýlanan ýyly bolan 2009-njy ýylda geçen saýlawdan bärdäki ilkinji ses berişlik.

2009-njy ýylda Ahmedinejadyň täzeden saýlanmagy netijesinde köçelerde geçen protestler Eýranda agyr krizise alyp geldi. Şonda howpsuzlyk güýçleriniň halka eden zulum-süteminiň üstüni açmakda raýat žurnalistleri internetden peýdalandylar.

Andersonyň garaýşyça, hususy wirtual ulgamlary nyşana almak bilen häkimiýetler şol ülňini gaýtalaýarlar:

"Geçmişde internet serişdeleriniň bozulmagy hemişe syýasy taýdan jedelli pursatlarda boldy. Mysal üçin, öten oktýabrda walýuta protesti bolanda, halkara radio we telewizion gepleşiklere päsgel berlip, 'Google' saýtynyň hyzmatlarynyň baglanmagyna şaýat bolduk. Häzirki işiň hem ediljekdigi öňünden bellidi".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG