Sepleriň elýeterliligi

Türkmen tussaglaryna alada bildirilýär


Çarşenbe güni “Freedom Now” guramasy türkmen türmesindäki “Iegowanyň şaýatlary” guramasynyň wekilleriniň azat edilmegi barada Ýewropa Parlamentiniň deputatlarynyň eden ýüzlenmesini goldap, press-reliz ýaýratdy.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom Now” guramasy bu press-relizde Türkmenistanyň hökümetiniň öz dini ynançlary üçin goşunda gulluk etmek islemeýän raýatlar üçin alternatiw gulluk düzgünini girizmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýär.

Bu gurama hut şu ýagdaý sebäpli hem Türkmenistanda harby gullukdan ýüz öwürýän “Iegowanyň şaýatlary” guramasynyň wekilleriniň yzygiderli ýagdaýda diýen ýaly türme tussaglygyna höküm edilýändiklerini belläpdir.

“Freedom Now” guramasynyň bu beýanatynyň öňýany Ýewropa Parlamentiniň 13 sany deputaty türkmen türmesindäki “Iegowanyň şaýatlary” guramasynyň sekiz sany wekiliniň azatlyga goýberilmegine çagyryş edip, Türkmenistanyň prezidentine ýörite hat gönderipdiler.
XS
SM
MD
LG