Sepleriň elýeterliligi

Dünýä täze Papany gutlaýar


Watikan, dindarlar täze saýlanan Rim papasyny gutlaýarlar. 13-nji mart, 2013 ý.

Watikan, dindarlar täze saýlanan Rim papasyny gutlaýarlar. 13-nji mart, 2013 ý.

Dünýäniň syýasy we ruhy liderleri Jorj Mario Bergoglionyň Katolik ybadathanasynyň täze papasy saýlanmagyna reaksiýa bildirýärler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama amerikan topragyndan birinji Rim papasynyň saýlanmagyny regionyň kuwwatlylygynyň we möhümliginiň alamaty hökmünde gutlady.

Häzirki zaman Katolik ybadathanasyna ýolbaşçylyk etmegi “mukaddes iş” atlandyrmak bilen, Obama täze papa bilen ähli dindäki adamlar üçin parahatçylygy, howpsuzlygy we mertebäni ýokarlandyrmakda bilelikde işlemäge umyt baglaýandygyny aýtdy.

Umumy maksatlar

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Fransisiň dinler arasyndaky dialogy ilerletmegi dowam etdirjegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

"Men BMG bilen Onuň Merhemetlisi papa Fransisiň parasatly ýolbaşçylygy astyndaky Mukaddes deňziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etmegine umyt baglaýaryn. Biziň garyp-gasarlygy we açlygy aradan aýyrmak üçin parahatçylygy, sosial adalatlylygy we adam hukuklaryny wagyz etmekde köp umumy maksadymyz bolup, olaryň ählisi durnukly ösüşiň düýp özenleri bolup durýar."
Watikan, dindarlar ybadathananyň ýokarsynda ak tüsse görenenden soň, Argentinanyň baýdagyny galgadýarlar. 13/03/2013

Watikan, dindarlar ybadathananyň ýokarsynda ak tüsse görenenden soň, Argentinanyň baýdagyny galgadýarlar. 13/03/2013


Orsýetiň Prawoslaw ybadathanasy täze papanyň saýlanmagyny gutlap, "Katolik we Prawoslaw ybadathanalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn häsiýetde ösjegine" umyt bildirdi.

Germaniýanyň kanseleri Angela Merkel özüniň "Latyn Amerikasyndan bolan hristianlar üçin aýratyn hoşwagt" bolandygyny aýtdy.

"Taryhy waka"

Awstraliýanyň premýer-ministri Julia Gillard, ateist we guramalar, şol sanda Ybadathana tarapyndan çaga jynsy taýdan el gatylmagyny döwlet derejesinde derňemeli eden syýasy lider bolsa, “täze dünýäden” papa saýlanmagyny taryhy waka atlandyrdy.

2012-nji ýylda Benedikt sapar edenden soň, ybadathana bilen döwlet arasyndaky dartgynlyklaryň gowşaşan ýeri bolan Kubadan hem prezident Raul Kastro gutlag iberdi.

Palestin lideri Mahmud Abbas papa Fransisi Betleheme, hristianlaryň Isa Mesihiň doglan ýeri diýip ynanýan şäherçesine sapar etmäge çagyrdy.

Bütindünýä Ýewreý kongresiniň prezidenti Ronald Lauder täze papanyň ýewreý jemgyýetleri üçin “nätanyş adam däldigini” we olaryň aladalaryndan habarlydygyny belledi.

Argentinanyň paýtagty Buenos Aýresiň ýaşaýjysy Iliana Pedrosa täze papanyň Argentinadan saýlanmagyna begenjini bildirip, şeýle diýdi:

“Bu hakykatdanam uly bagt, diňe meniň üçin däl, tutuş ybadathana üçin, sebäbi biziň täze papamyz bar, ony bize hudaý berdi... Men onuň argentinalydygyna örän begenýärin we onuň bize wekilçilik etmegi örän möhüm.”
XS
SM
MD
LG