Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda jaý hususylaşdyrmak hukugy dikeldilýär


Aşgabatdaky köne we täze jaýlar. 2013 ý.
Aşgabatdaky köne we täze jaýlar. 2013 ý.
Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet eýeçiligindäki jaýlaryny hususylaşdyrmaga rugsat berilýär.

Penşenbe güni çykan "Türkmenistan" we "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetlerinde ýurduň Ýaşaýyş jaý kodeksi çap edildi. Bu kodeks adamlaryň öz döwlet eýeçiligindäki kwartirralaryny hususylaşdyrmak hukuklaryny yzyna berýär.

Türkmenistanlylaryň öz kwartiralaryny hususylaşdyrmagy öňki prezident S.Nyýazow tarapyndan wagtlaýyn togtadylypdy we şondan bäri bu hukukdan diňe ýurtdan göçýän adamlar peýdalanýardy.

Azatlyk Radiosy bu täzelik barada aşgabatly hukukçy žurnalist A.Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG