Sepleriň elýeterliligi

Çöpleme: Gohuň güýji


Çekeleşik karikaturasy.

Çekeleşik karikaturasy.

Halk henekleri, degişmeleri.

Razýezdçe-de ýok

SSSR zamanasynda Ýazyjylar birleşiginiň her oblastda (welaýatda) ýörite wekili bolardy. Ol “Ýazyjylar birleşiginiň pylan oblastdaky edebi konsultanty” diýlip atlandyrlardy. Bu wezipä köplenç paýtagtda ýaşaýan ýazyjy-şahyr bellenerdi.

Edebi konsultant aýlyk-günlikli işgärdi. Onuň baş wezipesi oblastda ýaşaýan ýaş ýazyjylary edebiýata gözükdirmekden, has mynasyplarynyň eserlerini yurt derejesinde wagyz etmekden
ybaratdy.

XX asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başynda Krasnowodski oblasty (häzirki Balkan welaýaty) boýunça bu wezipä şahyr Şäher Borjakow bellendi. Şäher Borjak işe başlap-başlamanka Nebitdagda ýaşaýan ýomakçy şahyr Pyhy Tagan ikisiniň arasyna tow (öýke-kine) düşýär.

Ýer astynda ýylan gäwüşese-de habarly birki adam Pyhy Taganyň taryna kakyp görmek üçin osmakladyp:

- Täze konsultantyňyz Şäher Borjak nähii adam – diýip soraýar.

Şäher Borjakdan öýkeli Pyhy aga:

- Ady Şäher bolsa-da adatça ýük otlylary saklanýan, kiçijek demirýol stansyýasy, ýarym duralga razýezdçe-de ýok.

Razýezde, kiçejik stansiýada ýaşaýanlar düýe saklaýar. Myhman bolsaň, hezil edip, düýe çalyny içýäň. Ikindiniň kölegesi ýaly ziňňirt uzyn Şäherde igençden başga hiç zat ýok – diýipdir.

Hemmesi sögýär

Bir ýaşuly şäherde ýaşaýan oglunyň öýüne myhmançylyga barýar. Ol öňünden ylgap çykan 7-8 ýaşly agtygyny gujaklap durşuna:

- Ýagdaýlaryň nähili? – diýip soraýar

Agtygy hamsygyp:

- Erbet – diýýär.

Ör-gökden gelen ýaşuly sebäbi bilen gyzyklananýar. Agtygy “Maňa sögýäler” diýip, jogap berýär. Atasynyň “ Kim sögýär?” diýen sowalyna “Hemmesi sögýä” diýip, has zaryn jogap beripdir.

Agtygyny gujaklap duran ýaşuly:

- Oglum, maşgalamyzyň ählisine “Agtygyma sögmegi bes ediň!” diýip sögsem, olaryň bary menden öýkelär. Meniňem ýagdaýyma düşün, senden beýlekiler bilenem gatnaşmaly. Sen, gowusy, özüne has köp sögýäniň birkisiniň adyny aýt, şolara sögüp bereýin! Saňa sögseler halamajagymy bilse, beýlekilerem dymar” diýip, agtygyny köşeşdiripdir.

Gohuň güýji

3-4 dost şärikdeş bolup hususy şirket açypdyr. Işler şowlapdyr. Bir ýyl çemesi işlänlerinden soňra şirkete ýolbaşçylyk edýän dostlary şärikdeşlerini ýygnap:

- Reklama üçin bimöçber köp çykdajy edýäris. Gazananymyz bezenmäge ýetenok. Reklama çykdajyny azaldyň! – diýipdir.

Reklama bilen meşgullanýan ýoldaşlary:

- Ýok, sen ýalňyş pikirlenýäň! Ýumurtga guzlaýan wagty towugyň käkeläp, goh edişini diňläp gördüňmi? – diýip soraýar.

Başlyk dostlary:

- Hawa, diňledim – diýýär,

Reklama bilen meşgullanýan:

- Gazyň ýumurtga guzlaýan wagty gagyldanyny eşitdiňmi? – diýip soraýar.

Başlyk dostlary esitmändigini aýdýar.

Reklamany alyp barýan:

- Gepem şunda, ýumurtga guzlanda goh edýäni üçin towugyň ýumurtgasyny satyn alýarlar. Gazyň ýumurtgasyna hyrydar ýok – diýipdir.

Toplan, il içinden çöplän Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG