Sepleriň elýeterliligi

Ozalky gyrgyz ministri açlyk çekýär


Geçen hepde bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Gyrgyzystanyň ozalky sosial gorag ministri Rawşan Sabirow özüniň günäsizdigini öňe sürüp, penşenbe güni açlyk yglan edendigini mälim etdi.

Geçen hepde Bişkegiň sudy Sabirow bilen birlikde onuň ozalky orunbasary Tahir Mirzahmedowy hem üç ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. Sud olaryň ikisini-de gyrgyz çagalarynyň daşary ýurtlular tarapyndan perzentlige alynmak prosesinde para alanlykda günäli tapdy.

Bu wakalaryň fonunda penşenbe güni Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň Akademiýasynyň ýolbaşçysy Almaz Bazarbaýew we onuň orunbasary Rahmatullo Amiraýew hem korrupsiýada aýyplanyp, tussag edildi.

Ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti olaryň ikisiniň-de para almak meselesinde aýyplanýandyklaryny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG