Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pälwanlar: "Sporta goýberilýän serişde ýele gidýär"


Eýranda geçirilen göreş boýunça dünýä çempionatyndan bir pursat - Tähran, 19-njy fewral, 2013 ý.
Eýranda geçirilen göreş boýunça dünýä çempionatyndan bir pursat - Tähran, 19-njy fewral, 2013 ý.
Soňky ýyllaryň dowamynda buz üstündäki hokkeý we awtoulag ýaryşlary ýaly türkmenistanlylar üçin nätanyş bolan sportyň käbir görnüşlerine maýa goýulýar. Mysal üçin buz üstünde oýnalýan hokkeý sportuna niýetlenen buz köşgüni gurmak üçin 22 million dollar goýberildi.

Häzir hem biatlon we kürekli gaýakda ýüzmek boýunça amerikaly sportsmenler Türkmenistanda öz ugurlary bilen bagly dürli duşuşyklar we türgenleşikler geçirýärler. Eýsem, sportuň täze görnüşlerine goýberilýän maýa barada türkmen sportsmenleri nähili pikirde?

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly pälwan Ali Agaýew we Gyrgyzystanda tälimçi bolup işleýän Azat bilen söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG