Sepleriň elýeterliligi

Kabulda partlamanyň öňi alyndy


Anna güni Owganystanyň howpsuzlyk resmileri paýtagt Kabulda üsti sekiz tonna golaý partlaýyjy maddaly bir ýük maşyny saklap, ony zyýansyzdyrandyklaryny mälim etdiler.

Owganystanyň Howpsuzlyk boýunça milli uprawleniýesi anna güni öňi alnan bu uly hüjümiň “Al-Kaýda” bilen baglanyşygy bolan “Hakkany” topary we Pakistandaky Talyban ýolbaşçylary tarapyndan planlaşdyrylandygyny aýdýar.

Emma Owganystanyň bu edarasy özüniň bu garaýşyny tassyklaýjy anyk bir faktlary öňe sürmedi.

Anna güni Kabulda geçirilen metbugat konferensiýasynda Howpsuzlyk boýunça milli uprawleniýäniň metbugat sekretary Şafikullah Tahiri bu partlaýyjy maddalaryň partlanan halatynda onuň 1.5 kilometr radius töwerekde weýrançylyk döredip biljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG